Soňky habarlar

Arhiw

Sloweniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň Türkmenistandaky diplomatik işine başlady

17:1217.06.2019
0
3160

Şu gün - 17-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanda öz diplomatik işine başlaýan Sloweniýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Moskwa ş.) Branko Rakowets bilen duşuşyk geçirildi - diýip, DIM-niň resmi saýty habar berýär.

Duşuşygyň başynda Sloweniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Türkmen tarapy Ilçini täze bellenen jogapkärli wezipesi bilen gutlap, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde bilelikde hereket etmäge we goldaw bermäge taýýardygyny bildirdi. Ilçi öz gezeginde türkmen tarapyna gyzgyn arzuwlary üçin öz minnetdarlygyny bildirdi.

Ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygyň netijeli ösüşini belläp, taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer pudaklaryndaky özara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-hem kämilleşdirilmegine degişli meseleleri barada pikir alyşdylar. Taraplar yzygiderli esasda geçirilýän duşuşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine itergi berýän wajyp gurallaryň biridigini bellediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň