Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Owganystan demir ýol hem-de elektroenergetika boýunça hyzmatdaşlygy güýçlendirýär

17:0817.06.2019
0
4903

16-17-nji iýunda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministriniň ýolbaşylygyndaky türkmen wekiliýeti iş sapary bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat şäherinde boldy - diýip, Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýty habar berýär.

Türkmen wekiliýeti bilen Owganystanyň Prezidentiniň infrastrukturalar boýunça geňeşçisi, maliýe ministriniň wezipesini ýerine ýetirijisi, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-owgan toparynyň owgan böleginiň başlygy Mohammad Humaýun Kaýuminiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň maksady Owganystanyň Prezidentiniň şu ýylyň fewral aýynda ýurdumyza bolan resmi saparynyň dowamynda iki ýurduň Döwlet Baştutanlarynyň arasynda gazanylan ylalaşyklary we bu babatdaky işleri durmuşa geçirmekden ybarat.

Duşuşygyň ahyrynda demir ýol we elektroenergetika ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça resminamalara gol çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň