Soňky habarlar

Arhiw

PSŽ Neýmary satmaga taýýar

14:5817.06.2019
0
1869

Fransiýanyň çempionatynyň soňky 2 ýylynyň çempiony PSŽ toparyň super ýyldyzy, braziliýaly Neýmary transfere goýmakçy bolýar. Bu barada ýurduň iň iri neşirlerinden “L’equipe” giňişleýin habar berýär. Habarda, PSŽ-de topara sport direktory hökmünde braziliýaly Leonardony bellemegindan soň, käbir düýpli üýtgeşmeleriň boljakdygy bellenilýär. 6 ýyldan soň, fransuz toparyna gaýdyp gelen Leonardonyň braziliýaly ýyldyzy Neýmary satyp biljekdigini habar berýär. Şikesi sebäpli birnäçe oýunda toparyna peýdasy degmeýän Neýmary “Barselona” hem-de “Real Madrid” toparlary satyn almakçy bolýar. 
“France Football” žurnalyna-da klubuň katarly eýesi Nasser Al-Khelaifi toparyň häzirki we geljekki ýagdaýy barada beýanat berdi. Arap işewüri beýanatynda: “Oýunçylar öňküsinden hem has köp jogapkärçilikli hereket etmeli. Olar bu ýerde özlerini hoşal etmek üçin oýnamaly däl. Köp işlemeli, köp türgenleşmeli, eger-de muny kabul edip bilmeýän bolsalar, onda olara gapy açyk. Şu aýdanlarym boýunça meselesi bolanlar bilen biz hoşlaşmaga taýýar” diýip, aýtdy. 
2017/18 möwsüminiň başynda Barselonadan 222 milliona PSŽ toparyna transfer bolan Neýmaryň täzeden katalonlara dolanmak isleýändigi ozaldanam hemmä bellidi. Şikesi sebäpli Kopa Amerika hem gatnaşyp bilmeýän oýunçynyň toparyny üýtgedip üýtgetmejekdigini wagt görkezer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň