Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Baýdagy dünýäniň iň beýik depesine – Ewereste çykaryldy

14:0617.06.2019
0
11914

“Morinžgeologiýa” Serwis Kärhanalary Toparynyň işgärleri dünýäniň iň beýik depesine – Ewereste (8 848 m) çykyp, ol ýerde Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny dikdiler.

Ýörüşe Holdingiň wekilleri – Latwiýanyň, Russiýanyň, Polşanyň, Kipriň we Moldowanyň raýatlary – ozal Uly Ararat (Ermenistan, 5165 m, 2011 ý.), Kilimanjaro (5895 m 2014 ý.) we Meru (4562 m, 2014 ý.) –Tanzaniýa; Akonkagua (Andlar, 6960,8 m, 2018 ý.) – Argentina bilen Çiliniň serhedi; Monblan (Günbatar Alplar, 4810 m, 2018 ý.) –Fransiýa bilen Italiýanyň serhedi ýaly depelere çykan tejribeli daga çykyjylardyr.

Indi bolsa Ewereste çykyldy! Ýerli ýagdaýa uýgunlaşmagy we gonalga gurnamaklygy hem hasaplanyňda, çylşyrymly howa şertlerinde Tibet (HHR) tarapyndan dag depesine 48 günde galyndy.

“Morinžgeologiýa” Serwis Kärhanalary Topary 1993-nji ýylda döredildi. Nebit-gaz serişdelerini barlamak we özleşdirmek boýunça taslamalaryň çäklerinde Hazar, Çara we Baltika deňizlerinde inženerçilik-geologiýa gözleglerini amala aşyrmak onuň wezipesine girýär. Alynýan maglumatlar ýüzýän buraw serişdeleriniň ygtybarly işlemegini; nebir-gaz kärhanalarynyň gidrotehniki desgalarynyň we ýerasty turba geçirijileriň taslamasyny taýýarlamagy hem-de gurmagy, deňiz nebit kärhanalarynyň we turba geçirijileriniň şondan soňky monitoringini üpjün edýär. Işler milli, döwletara we halkara ölçeglerine, gurluşyk kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar.

“Morinžgeologiýa” SKT Türkmenistanda “Dragon Oýl (Türkmenistan) Ltd.” kompaniýasy bilen “Jeýtun” we “Jygalybeg” (“Çeleken” Şertnamalaýyn meýdança) deňiz ýataklarynda geofiziki we inženerçilik-geologiýa barlaglaryny geçirmäge we Türkmenistanyň “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Kanunyna laýyklykda uzak möhletleýin şertnama esasynda iş alyp barýar.

Şeýle hem Holding “Blok-1” Şertnamalaýyn meýdançasynda deňiz düýbüni barlamak üçin hyzmatlary ýerine ýetirmek we enjamalry bermek boýunça “Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn, Bhd.” Kompaniýasy bilen hem üstünlikli iş alyp barýar.

Ulanylýan tehniki-enjamlar we alnyp barylýan inženerçilik-geologiýa işleri Lloyd’s Register tarapyndan (Beýik Britaniýa) ISO 9001:2008 и ISO 14001:2004 ölçeglerine laýyklykda sertifikasiýalaşdyrylandyr. Meýdanlarda geçirilýän barlaglaryň ählisi san görnüşli amala aşyrylýar.

Işleri amala aşyrmagyň nawigasiýa-geodeziýa üpjünçiligi differensirlenen düzgünde (DGPS) ýerine ýetirilýär. Maglumatlary işlemek we olara düşündiriş bermek, şol sanda GIS we CAD tehnologiýalar boýunça lisenzirlenen programmalar toplumyny giňişleýin ulanmak esasynda ýerine ýetirilýär.

“Morinžgeologiýa” Holdingi Russiýanyň Nebit-gaz gurluşykçylar Birleşmesiniň agzasydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň