Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy 3x3 basketbol boýunça Dünýä kubogyna gatnaşmak üçin ugrady

13:3917.06.2019
0
8104

Düýn Aşgabadyň Halkara howa menzilinden Türkmenistanyň 3x3 basketbol boýunça zenanlar ýygyndysy - dört basketbolçy Amsterdamda geçiriljek FIBA-nyň dünýä kubogyna gatnaşmak üçin ýola düşdi.

Dünýä kubogy basketbolyň bu görnüşi boýunça her ýyl geçirilip, ol milli ýygyndylar derejesindäki iň uly halkara ýaryşdyr. Şu ýyl bu ýaryş 18 - 23-nji iýun aralygynda Niderlandlar Patyşalygynyň paýtagtynda geçiriler. Dünýä kubogynda biziň ýurdumyzyň milli ýygyndysyna Aýna Gökowa, Leýla Halylowa, Nigýara Nagiýewa we Wiktoriýa Rahmanowa wekilçilik eder. 

Ýeri gelende aýtsak, Dünýä kubogy - 2019-a erkekleriň we zenanlaryň hersinden 20 milli ýygyndy gatnaşýar. Toparçalaýyn esasda geçirilýän ýaryşda her bir toparçany bäş milli ýygyndy emele getirýär.

Dünýä kubogyna Türkmenistandan diňe zenanlar ýygyndysy gatnaşar. "A" toparçada çykyş etjek ildeşlerimiz 18-nji iýunda Hytaýyň we Niderlandlaryň, 20-nji iýunda bolsa Latwiýa bilen Wengeriýanyň ýygyndylary bilen duşuşarlar. Ýaryşyň nobatdaky tapgyryna her toparçadan iň güýçli iki ýygyndy çykar. Arzyly kubogyň eýesini kesgitlejek duşuşyklar 22-nji we 23-nji iýunda geçiriler.

Geçen ýyl Fiilippinleriň Manila şäherinde geçirilen Dünýä kubogynda Türkmenistanyň ýygyndysy Malaýziýanyň ýygyndysyny 18:14, indoneziýaly basketbolçylary 20:11 hasabynda ýeňip, ýewropaly bäsdeşlerinden - Çehiýanyň we Italiýanyň ýygyndylaryndan asgyn gelipdiler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň