Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly dzýudo tälimçisi Wengriýadaky okuwa gatnaşdy

13:1217.06.2019
0
10520

Türkmenistanyň Milli olimpiýa komiteti Halkara Olimpiýa komiteti bilen bilelikde "Olimpiýa raýdaşlygy" maksatnamasynyň çäginde  Türkmenistanyň dzýudo boýunça milli ýygyndysynyň tälimçisiniň Budapeştdäki (Wengriýa) bedenterbiýe uniwersitetine hünär kämilleşdiriş okuwyna gatnaşmagyny üpjün etdi. Bu barada Türkmenistanyň MOK-nyň resmi saýty habar berýär.

18-nji martdan 7-nji iýuna çenli dowam eden okuw maslahatyna biziň ýurdumyzda milli federasiýasynyň tälimçisi Raşid Tursunow gatnaşdy. Habarda aýdylyşy ýaly, türkmen hünärmeni okuwy üstünlikli tamamlady. Munuň üçin oňa halkara derejeli tälimçiniň güwänamasy berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň