Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Azmun Italiýada futbol oýnajak ilkinji türkmen bolup biler

08:2317.06.2019
0
8570

Eýranly türkmen, Sankt-Peterburg şäheriniň "Zenit" futbol klubynyň hüjümçisi Serdar Azmun bilen Italiýanyň "Lasio" topary gyzyklanýar diýip, CittaCeleste habar berýär.

Topar Serdar Azmun bilen ol heniz "Rubiniň" düzüminde çykyş edýärkä-de gyzyklanýardy. Häzir bolsa "Aston Willadan" braziliýaly Wesli Moraesi alyp bilmedik topar onuň bilen has ýakyndan gyzyklanýar. Toparyň isleg bildirýän futbolçylarynyň arasynda "Atalantadan" Andrea Petanýe hem bar, ýöne sport direktory Igli Tare 24 ýaşly Serdar Azmunuň topara has köp peýda getirip biljekdiginiň tarapdary.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň