Soňky habarlar

Arhiw

Esengulydaky çeper halyçylyk kärhnanasynda bäş aýda 761 inedördül metr önüm öndürildi

07:4717.06.2019
0
1951

Şu ýylyň geçen bäş aýynda «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Esenguly şäherindäki çeper halyçylyk kärhanasynda zähmet çekýän ussat gelin-gyzlaryň yhlas siňdirip dokaýan halylarynyň hili has-da ýokarlanýar. Bu ýerde taýýarlanýan haly önümleriniň ählisi diýen ýaly içerki we daşarky bazarlaryň uly isleg bildirýän harytlarydyr - diýip, "Türkmenistan" gazeti habar berýär.

Geçen döwürde bu öňdebaryjy kärhanada milli buýsanjymyza öwrülen dürli ölçegdäki halylaryň 761 inedördül metre barabary dokalyp, pul hasabynda bitirilen işleriň möçberi 860 müň manatlyga golaýlady. Bu görkezijiler bellenilen meýilnamanyň abraý bilen ýerine ýetirilendiginden habar berýär. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 100 müň manatlyga golaý haly-palas önümleriniň artyk dokalandygyny aňladýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň