Soňky habarlar

Arhiw

Gökdepe etrabynyň "Ýandaklygyz" daýhan birleşiginde galla tabşyrygy berjaý edildi

07:3817.06.2019
0
1780

Gökdepe etrabynyň «Ýandaklyagyz» daýhan birleşiginiň gallaçylary «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylyny ajaýyp zähmet üstünligine beslediler. Olar galla kabul ediş nokatlaryna guşgursak ak bugdaýyň 705 tonnasyna derek 745,8 tonnasyny tabşyryp, welaýatda ilkinji bolup, bu babatdaky tabşyryga hötde geldiler - diýip, "Türkmenistan" gazeti habar berýär.

Gallaçylaryň zähmet üstünliginde Orazgeldi Pirow, Gurbangeldi Çolukow, Meýlis Durdymyradow ýaly kärendeçileriň goşandy has-da saldamly boldy. Olar gektaryň hasyllylygyny degişlilikde, 56,70; 39,35; 38,43 sentnere ýetirmegi başardylar. Hojalygyň ekin meýdanlarynda galla oragy dowam edýär. Merdana gallaçylar ýene-de onlarça tonna guşgursak ak bugdaýy harmana goşup, zähmet üstünligini has-da berkitmegi maksat edinýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň