16-njy iýun - Motosikl sürüjileriniň bütindünýä güni

07:1917.06.2019
0
1026

Düýn - 16-njy iýunda dünýäniň ençeme ýurtlarynda Bütindünýä motosikl sürüjileriniň güni bellenilip geçildi. Bu baýram “Işe motorly!" diýen şygar bilen 1992-nji 22-nji iýulyndan başlap däbe öwrülip, her ýyl bellenilýär.

1885-nji ýylyň 29-njy aprelinde (133 ýyl ozal) germaniýaly Gotlip Daýmler ilkinji motosikli oýlap tapypdy. Inžener Gotlip Daýmler ilki Otto firmasynda 1872-nji ýylda ulagyň dwigatelini ýygnaýjy bolup işläpdi. Baýramçylygy goldaýjylar şu gün öz ulaglaryny goýup, işe motorly ýa-da skuterli gellýärler. Ilki dörände “Işe motorly barmak” diýlip atlandyrlan hem bolsa, az wagtdan motor sürüjileriň güni diýip atlandyrylypdyr.

1990-njy ýyllaryň ortalarynda höwesjeňleriň sany 5-müňe ýetipdir. 1997-nji ýylda bu baýramyň şanyna ýörite internet saýty döredilipdir. Şol wagtdan häzirki güne çenli motorsöýüji baýkerler, höwesjeňler  tarapyndan ýewropa döwletlerinde dürli herekeli, bäsleşikler we görkezme çykyşlary geçirilipdir. Ýuridiki tarapdan goldaw berlip, motor sürüjiniň guramasy hem döredildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň