Türkmen diplomatlary IХ Pekin halkara welosiped ýörüşine gatnaşdylar

13:4516.06.2019
0
3839

15-nji iýunda Hytaýyň paýtagtynyň Ýansin etrabynda Türkmenistanyň HHR-daky Ilçihanasynyň goldamagynda Halk hökümeti we Pekiniň Sport komiteti köpçülikleýin welosiped ýörişini guradylar - diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti habar berýär.

Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan 17 kilometrlik köpçülikleýin welosiped ýörüşine ýurdumyzyň diplomatik wekilhanasynyň işgärleri, Pekiniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen ýaşlary, HHR-yň jemgyýetçilik, sport guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, hytaýly welosipedçi-türgenler - jemi 1500-den gowrak adam gatnaşdy.

Sport çäresiniň başynda geçirilen dabarada türkmen Lideriniň başlangyjy bilen BMG-nyň Baş Assambleýasynyň Bütindünýä welopsiped gününi döretmek baradaky Kararnamasynyň kabul edilmeginiň ýurdumyzda sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, welosiped sürmegi wagyz etmek, ösüp gelýän ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi üçin şertleri döretmek, jemgyýetde ekologiýa medeniýetini kemala getirmek boýunça tagallalarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ýokary baha mynasyp bolýandygyna şaýatlyk edýändigi nygtaldy.

Welosiňed festiwalynyň guramaçylarynyň işjeň dynç almagy halaýanlar üçin dürli aralyklar we tematikalar boýunça ugurlary gurandyklaryny, welosipedçi türgenleriň bolsa ABŞ-nyň 50 müň dollary möçberindäki baýrak ugrunda aýry maksatnama boýunça bäsleşendiklerini bellemek gerek.

Köpçülikleýin welosiped ýörüşine gatnaşanlar diňe bir saglyga peýdaly çärä gatnaşmak bilen çäklenmän, eýsem Beýik Hytaý diwarynyň “Badalin” bölegi, Lunsin jülgesi we Guýaju gowagy ýaly gözel ýerlerden geçmekden hem lezzet aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň