Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy täze edara binasynyň gurluşygy üçin bäsleşik yglan etdi

01:4516.06.2019
0
1627

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň edara binasyny, futboluň görnüşleri üçin meýdançalary gurmak barada bäsleşik yglan etdi. Bu barada türkmen metbugatynda bildiriş berildi.

Bildirişde aýdylyşy ýaly, isleg bildirýän taraplardan resminamalar 2019-njy ýylyň 14 — 24-nji iýuny aralygynda sagat 9:00-dan 17:00-a çenli kabul edilýär.

Şeýle hem bildiiriş ahyrynda federasiýasynyň salgysy bilen telefon belgileri ýerleşdirilipdir: Aşgabat şäheri, Köpetdag etraby, Arçabil şaýolunyň 49-njy jaýy. Telefon belgilerimiz: +993 65 64 74 40, +993 65 10 41 40.

Birnäçe ýyllap "Köpetdag" stadionynda ýerleşen federasiýasynyň edara binasy häzir Arçabil şaýolundaky binalaryň birine, ýokarky salgyda görkezilen ýere göçdi. Täze edara binasynyň gurulmagy bilen, federasiýa türkmen futbolyny Ak bugdaý etrabyndan dolandyrar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň