Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda ABŞ-nyň 133 million dollaryna golaý mukdarda geleşik baglaşyldy

21:2515.06.2019
0
6504

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 66-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasynaABŞ-dan, Singapurdan, BAE-den, Şweýsariýadan, Owganystandan gelen telekeçilerTürkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini,dizel ýangyjyny, polipropileni, ýangyç mazudy,şeýle hem Russiýadan, Beýik Britaniýadan, BAE-den, Türkiýeden, Özbegistandan, Ukrainadan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan bolan täjirler tehniki kükürdi, (“Türkmengaz” DK), ýokary dykyzlykdaky polietileni we polipropileni (Gyýanlynyň polimer zawody), karbamidi we tehniki uglerody,plastik gaby (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna awtoulag, reňksiz list aýna, nah ýüplük,buýan köki we onuň guradylan görnüşi ýerlenildi.Satyn alan ýurtlara Russiýa, ABŞ, BAE, Türkiýe, Azerbaýjan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Owganystan degişlidir.Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 132 million 755 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýadan, Beýik Britaniýadan, BAE-den, Türkiýeden gelen işewürler jemi bahasy 4 million 173 müň manatlykdan gowrak bolannah ýüplügi hem matanysatyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň