Soňky habarlar

Arhiw

TÝL - 2019: "Energetik" - "Merw" - dördünji bilen sekizinjiniň duşuşygy

13:2915.06.2019
0
722

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynyň 14-nji tapgyry Mary şäherindäki derbi bilen has täsirli bolar. Şu gün şäherdäki "Energetik" stadionynda "Energetik" "Merwi" kabul eder. Paýtagtly B.Allaberdiýewiň eminlik etjek duşuşygy 18:30-da başalanar.

Iki toparyň arasynda 7-nji tapgyrda geçirilen duşuşykda "Energetik" Döwlet Baýramowyň 58-nji minutda geçiren ýeke-täk pökgüsi bilen ýeňiji bolupdy. Eger topar bu üstünligi ýene gaýtalap bilse, utugyny 18-e çykaryp, hem dördünji orundaky ýerini berkider, hem ilkinji üçlüge ýakynlaşmaga mümkinçilik tapar.

11 duşuşykda 6 utuk bilen "Merw" bolsa ýaryş tertibiniň düýbünde galdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň