TÝL - 2019: "Nebitçi" - "Şagadam" - möwsümdäki ikinji Balkan derbisi

12:4115.06.2019
0
973

Türkmenistanyň futbol boýunça milli çempionatynyň Ýokary ligasynda 14-nji tapgyryň duşuşyklary şu gün Balkanabat şäherinde geçiriljek "Nebitçi" - "Şagadam" duşuşygy bilen başlar. Şäherdäki 10 müň orunlyk sport toplumynda geçiriljek duşuşyga türkmenabatly R.Ereşow eminlik eder. Oýnuň sagat 19-da başlanmagyna garaşylýar.

Bu duşuşyk barada aýdylmaly ilkinji aýratynlyk, elbetde, onuň Balkan derbisidigidir. Şonuň üçin hem duşuşygyň janköýerleriň uly gyzyklanmasyna eýe boljakdygyny aýdyp bileris. Şu ýylky möwsümi ýokary derejede geçirip, ýaryş tertibiniň birinji basgançagyna çenli çykan "Şagadam" ýene-de üstünlikli ýoly dowam etdirmäge synanyşar. Geçen tapgyrda paýtagtyň adybir toparyndan ýeňlen "Nebitçiniň" bolsa öz meýdanynda aňsat-aňsat garşydaşlaryndan asgyn gelmeýändigini ýene bir ýola ýatladyp geçmek gerek.

Eger "Şagadam" ýene-de ýeňilmese, kenarýaka toparyň utulyşsyz tapgyry 8 duşuşyga çykar. Ýöne "kenarlylaryň" "Nebitçini" birinji aýlawda öz meýdanynda hem ýeňip bilmändigini ýatlatak gerek. Täsin tarapy, 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanan şol duşuşykda pökgüleri Hemra Amanmämmedow ("Şagadam") bilen Azat Garajaýew ("Nebitçi") öz derwezelerine geçiripdiler.

Duşuşyk ýer eýeleriniň ýeňşi bilen tamamlansa, häzir 7-nji orny eýeleýän topara ýaryş tertibinde iň bolmanda iki basgançak ýokary galmaga mümkinçilik bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň