Soňky habarlar

Arhiw

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

12:2415.06.2019
0
5624

14-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa 22 — 27-nji iýun aralygynda Balkan welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligine taýýarlyk görlüşi hem-de Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çäreleri barada hasabat berdi.

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde birnäçe çäreleri, şol sanda döredijilik toparlarynyň çykyşlaryny, şygryýet agşamlaryny, sergileri, ylmy-amaly we usuly maslahatlary, teatrlaşdyrylan edebi çykyşlary, şeýle hem Magtymguly etrabynyň gözel ýerlerine, Gerkez obasyndaky Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine hem-de beýik akyldar şahyryň muzeýine baryp görmek göz öňünde tutulýar.

Däp bolşy ýaly, döredijilik işgärleriniň baýramçylygyna opera sahnasy taýýarlanyldy, onuň ilkinji görkezilişi Balkan welaýatynyň Döwlet drama teatrynda geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkymyzyň ruhy baýlyklaryny artdyrmakda, Türkmenistanyň häzirki döwürdäki üstünliklerini wagyz etmekde, türkmenistanlylaryň ahlak we gözellik taýdan terbiýelenilmeginde medeniýet ulgamynyň örän möhüm orun eýeleýändigini nygtady.

Ýurdumyzyň gazanan ägirt uly üstünliklerinde döredijilik intelligensiýasynyň hem mynasyp goşandy bar. Döwlet Baştutanymyz medeniýet edaralarynyň mirasymyzy öwrenmekde we gorap saklamakda, halkymyzyň ruhy durmuşynda uly ähmiýete eýedigini belledi hem-de Balkan welaýatyndaky Medeniýet hepdeliginiň göz öňünde tutulan ähli çärelerini ýokary derejede, milli däplerimize laýyklykda geçirmegi, olaryň many-mazmuna we täsirli duýgulara baý bolmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz döredijilik ulgamynyň işgärleriniň baýramçylygynyň milli sungatyň hakyky dabaralanmasyna öwrülmelidigini belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň