Aşgabatda 2020-nji we 2021-nji ýyllarda geçiriljek halkara sport ýaryşlarynyň guramaçylyk toparlary dörediler

12:1515.06.2019
0
7981

14-nji iýunda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentine Aşgabat şäherinde iri ýaryşlaryň — 2020-nji ýylda geçiriljek sambo boýunça dünýä çempionatynyň hem-de 2021-nji ýylda geçiriljek welotrek boýunça dünýä çempionatynyň guramaçylyk toparlaryny döretmek baradaky mesele boýunça hasabat berildi.

Halkara sambo federasiýasy hem-de Türkmenistanyň Söweş sungaty milli federasiýasy, Welosipedçileriň halkara birleşigi we Türkmenistanyň welosport federasiýasy bilen degişli ylalaşyklar baglaşyldy. Geçiriljek iri möçberli ýaryşlaryň guramaçylyk toparlarynyň döredilmegi taýýarlyk işlerine ulgamlaýyn we toplumlaýyn häsiýet bermäge, oňa gatnaşjak düzümleriň işlerini utgaşdyrmaga, giň gerimli sport wakalaryny geçirmek babatda ýurdumyzyň toplan tejribesini netijeli ulanmaga mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň abraýly halkara ýaryşlary kabul etmeginiň ýurdumyzyň sport döwleti derejesini diňe bir pugtalandyrman, eýsem, dünýä giňişliginde parahatçylyk we hyzmatdaşlyk syýasatyna ygrarly bolan döwlet hökmünde abraýyny hem ýokarlandyrýandygyny belledi.

Dünýä çempionaty ýaly derejedäki wakalar, gürrüňsiz suratda, ýurdumyzda ýokary netijeli sporty ösdürmäge ýardam berer, ýöne, esasy zat olar köpçülikleýin bedenterbiýe hereketine uly itergi berer, bu bolsa ilatyň saglygyny goramak boýunça döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz 2020-nji ýylda sambo boýunça dünýä çempionatynyň we 2021-nji ýylda welotrek boýunça dünýä çempionatynyň guramaçylyk toparlaryny döretmek baradaky resminamalary taýýarlamak boýunça görkezmeleri berip, türkmen türgenleriniň 2020-nji ýylda Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga taýýarlyk görmeklerini hem ünsden düşürmezligi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň