Türkmen telekeçileri önümleri gaýtadan işlemegi ýola goýdular

11:4715.06.2019
0
18849

TSTB-niň agzalary ulanyşdan galan plastik, kagyz, polietilen, rezin, agaç serişdelerini gaýtadan işlemek hem-de şolardan önümleri öndürmek boýunça kiçi önümçilikleri ýola goýdular. Bu işleri dowam edip, ýurdumyzyň welaýatlarynda zibilleri we gaty galyndylary gaýtadan işleýän önümçilik taslamalaryny amala aşyrmak maksat edinilýär - diýip, 14-nji iýunda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde habar berildi.

Bu taslamalaryň amala aşyrylmagy netijesinde bir ýylda 500 müň tonna golaý zibilleri we galyndylary gaýtadan işlemäge mümkinçilik döräp, munuň özi daşky gurşawyň goralmagyna goşant bolar. Taslamalary hususy taraplaryň maýa goýumlarynyň we karz serişdeleriniň hasabyna iki ýylyň dowamynda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, telekeçileriň tekliplerini goldap, galyndylaryň gaýtadan işlenilmeginiň we ikilenji çig maldan önümleri öndürmegiň uzak möhletleýin geljekde «ýaşyl» ykdysadyýet üçin uly ähmiýete eýedigini belledi. Mundan başga-da, bu ulgama maýa goýulmagy ony girdejili işewürlige öwrüp biler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň