Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda senagat we kommunikasiýa toplumyna degişli kärhanalar boýunça ýörite seljeriş toparlary döredildi

11:3615.06.2019
0
4582

14-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew Türkmenistanyň Prezidentine 2019 — 2025-nji ýyllarda senagat we kommunikasiýa toplumyna degişli kärhanalaryň durkuny täzelemek, hususylaşdyrmak hem-de täze önümçilikleri gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer döwlet Baştutanynyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Dokma senagaty ministrliginde, «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde we «Türkmensenagat» agentliginde hünärmenlerden düzülen ýörite seljeriş toparynyň döredilendigini habar berdi.

Seljeriş topary kärhanalary doly kuwwatynda işletmek hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly durkuny täzeläp, döwrebap ýagdaýa getirmek, şeýle hem ýerli çig mal serişdelerini rejeli peýdalanmak bilen, ekologiýa taýdan arassa, eksporta niýetlenen önümleri öndürýän kärhanalary gurmak boýunça meýilnamany işläp taýýarlady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, senagat we aragatnaşyk ulgamlarynyň işini kämilleşdirmek boýunça netijeli çäreleriň görlendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz zawodlaryň we fabrikleriň doly kuwwatynda işledilmegini berk gözegçilikde saklamagyň hem-de bu kärhanalary hususylaşdyrmak, olaryň durkuny täzelemek ýa-da täze desgalary gurmak boýunça çäreleri kabul etmegiň wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy senagatlaşdyrmak we sanly ulgama geçirmek boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň öndürilişini we olaryň daşary ýurtlara iberilýän mukdaryny artdyrmagyň, täze iş orunlaryny döretmegiň wajypdygyny aýdyp, ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli, daşary bazarlarda bäsleşige ukyply önümleri öndürmelidiris diýip belledi.

Milli Liderimiz munuň üçin topluma degişli kärhanalaryň ýokary tehnologiýaly döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmelidigini belledi. Hormatly Prezidentimiz hödürlenen meýilnamalary makullady hem-de olary durmuşa geçirmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň