Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 65 müň gektardan gowrak ýer ilata mellek üçin paýlanyp berler

11:2915.06.2019
0
9172

14-nji iýunda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow Türkmenistanyň Prezidentine şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak (mellek) we özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin ýer böleklerini hususy eýeçilige bermek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlaryna laýyklykda, ýurdumyz boýunça 65384,84 gektar, şol sanda Ahal welaýaty boýunça 6074,5 gektar, Balkan welaýaty boýunça 4888,5 gektar, Daşoguz welaýaty boýunça 17813,21 gektar, Lebap welaýaty boýunça 18546,87 we Mary welaýaty boýunça 18061,76 gektar ýer gaznalary döredildi.

Wise-premýer döredilen ilatly ýerleriň çäklerinde durmuş-medeni maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşygynyň dowam edýändigini, awtoulag ýollarynyň abadanlaşdyrylýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, wise-premýere täze şäherçeleri düzümleýin ösdürmek, ýol-ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, oba ýaşaýjylary üçin oňaýly şertleri döretmek babatda anyk tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz binagärlik-gurluşyk taslamalaryny işläp taýýarlamak meselelerine toplumlaýyn hem-de yzygiderli esasda çemeleşmegiň wajypdygyny belledi. Şu wezipeler ekologiýa taýdan meýilleşdirmek, tebigy-howa aýratynlyklaryny nazara almak bilen geljekki desgalary inžener-tehnologik taýdan seljermek meselelerini öz içine almalydyr.

Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, şu ýyl desgalary gurmagyň we ulanmaga bermegiň giňişleýin maksatnamasynyň göz öňünde tutulandygyny belledi. Öňde täze wezipeler goýuldy, şolaryň üstünlikli çözülmegi özygtyýarly Watanymyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen okgunly ösdürmäge ýardam etmelidir. Döwlet Baştutanymyz göz öňünde tutulan işler ýerine ýetirilende, döwrebap tehnikalary we täze tehnologiýalary ulanmaga aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýer böleklerini hususy eýeçilige bermek we ýaşaýyş jaýlaryny gurmak, inžener-kommunikasiýa ulgamlaryny çekmek boýunça alnyp barylýan işlere gözegçiligi güýçlendirmegiň wajypdygyny aýdyp, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň