Ýakup Orazsähedow "Rubinden" gaýtdy

16:3414.06.2019
0
11985

Russiýanyň "Rubin" futbol kluby resmi saýtynda türkmenistanly tälimçi Ýakup Orazsähedowyň topardan aýrylandygyny habar berdi. Biziň ildeşimiz bilen bir hatarda moldawiýaly Aleksandr Masýur bilen ukrainaly Wladimir Kulaýew hem topar bilen hoşlaşdy.

Ýakup Orazsähedow "Rubinde" 14 ýyldan gowrak işledi.

"Aleksandr Grigorýewiçe, Ýakup Hajyýewiçe we Wladimir Pawlowiçe toparymyzyň üstünliklerine goşant goşantlary üçin hoşallyk bildirýäris we olara mundan beýläk hem üstünlik arzuw edýäris" diýlip, toparyň resmi saýtynda ýazylýar.

Mundan ozal, toparyň baş tälimçisi, türkmenistanly hünärmen Gurban Berdiýewiň hem eýeleýän wezipesinden aýrylandygyny habar beripdik. Topaara häzir ýaşlar düzüminiň ozalky tälimçisi Roman Şaronow tälim berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň