Soňky habarlar

Arhiw

Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatry Kazanda geçirilen halkara festiwala gatnaşdy

09:2314.06.2019
0
723

Şu ýylyň 1—8-nji iýuny aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde türki halklaryň «Nowruz» atly XIV halkara festiwaly geçirildi. TÜRKSOÝ halkara guramasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň bilelikde guramagynda geçirlen festiwala türki halklaryň 29 teatry gatnaşdy. Olaryň arasynda Türkiýäniň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyz Respublikasynyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň milli teatrlary bar. Festiwalyň baş maksady türki we beýleki halklaryň teatrlarynyň arasynda ýola goýlan medeni hyzmatdaşlygy has-da berkitmekden, şeýle hem bu halklaryň teatr medeniýetini täze sahna eserleri bilen baýlaşdyrmakdan ybarat bolup, ol dünýä halklarynyň teatrlarynyň şu günlerki alyp barýan işleri bilen ýakyndan tanyşmaga we bu ugurda tejribe alyşmaga uly mümkinçilik döredýär.

Bu halkara festiwalda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň döredijilik topary Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäheriniň Galiaskar Kamal adyndaky döwlet akademiki teatrynda dramaturg, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarowyň edebi esasyny ýa­zan,re­žiss­ýorAý­na­zar Ba­tyrowyň sahnalaşdyran «Söýgi we hasrat» atly spektaklyny görkezdiler. Milli öwüşginli, many-mazmuna baý spektakl tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Türkmen artistleriniň özlerine ynanylan dürli häsiýetdäki gahrymanlaryň keşpleriniň ruhy dünýäsini tomaşaçylara ussatlarça ýetirmegi başarmagy, spektaklyň teatr sungatynda giňden ulanylýan bezeg, yşyk, eginbaşlar, saz bilen özboluşly sazlaşygy döredendigi festiwala gatnaşan dürli ýurtlaryň teatr sungatyny öwrenijilerinde, teatr tankytçylarynda, tanymal sahna ussatlarynda uly gyzyklanma döretdi. Olar «Söýgi we hasrat» spektaklynda türkmen halkyna mahsus däp-dessurlaryň, milli ýol-ýörelgeleriň giňden açylýandygyny aýratyn bellediler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň