Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda italiýan saz wekilleriniň konserti geçiriler

08:5614.06.2019
0
5863

18-nji iýunda Aşgabatdaky Magtymguly adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda dünýäde uly söýgi gazanan italiýan saz sungatynyň görnükli wekilleriniň konserti bolar. Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň gurnamagynda geçiriljek konsertde fotepianoda Roberto Prosseda kompzitor Nino Rotanyň eserlerini ýerine ýetirer.

Konsertiň dowamynda italiýan kompozitorlary Rossininiň, Fanonyň, Rotanyň we türkmen kompozitorlarynyň eserleri ýaňlanar. Resul Gyyjowyň ýolbaşçylygyndaky milli simfoniki orkestri hem çykyş eder. Konsert sagat 19-da başalanar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň