Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaragly Güýçleriň okuw-türgenleşiklerine tomaşa etdi

07:0114.06.2019
0
10190

13-nji iýunda Türkmenistanyň döwlet Baştutany dikuçary özi dolandyryp, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň harby okuw-türgenleşik geçirýän ýerine tarap ugrady.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň dolandyrýan dikuçary harby okuw-türgenleşik geçirilýän ýerine geldi.

Bu ýerde ýurdumyzyň goranmak ministri B.Gündogdyýew döwlet Baştutanymyza okuw türgenleşikleriň geçirilmegine taýýardygy barada hasabat berýär.

...Asmanda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ygtyýaryna gelip gowşan täze nusgadaky ýeňil zabt ediji uçar peýda bolýar. Ol uçuş tilsimlerini örän dessin üýtgetmäge ukyplydyr, munuň özi daglyk şertlerde has möhümdir, görkezme aňtaw uçuşlaryny amala aşyrýar. Bu kysymdaky ýeňil zabt ediji söweşjeň uçary Harby-howa güýçleri üçin uçarmanlary taýýarlamak, daglyk we çöllük ýerlerde bikanun ýaraglanan, ýeňil sowutlanan tehnikalar bilen hereket edýän toparlary ýok etmek, söweş hereketleriň dowamynda ýa-da serhet ýakalarynda howadan gözegçilik we aňtaw işlerini amala aşyrmak üçin niýetlenendir.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-howa güýçleriniň öňünde goýlan söweşjeň wezipeleri ýerine ýetirmek we ýurdumyzyň howa giňişliginiň ygtybarly goragyny üpjün etmek üçin bu uçar giň mümkinçilikleri özünde jemleýär. Munuň özi ýurdumyzyň asman giňişligini goramakda örän uly ähmiýeti bolan zabt ediji uçarlaryň biridir. Asmanda harby uçar dürli öwrümleri – erkin peselmek, halka, aýlaw, dikleýin uçmak ýaly tilsimleri ýerine ýetirýär.

Şol bir wagtda, okuw türgenleşigiň dowamynda okuw maksatlary bilen ýaýbaňlandyrylan ätiýaçlykdaky harby borçlulary kabul etmek we olary taýýarlamak boýunça çäreler toplumy ýaýbaňlandyrylýar. Şonuň bilen birlikde howa giňişliginde iki sany Mig-29 kysymly gyryjy uçarlary söweş meýdanynyň aňtawyny geçirýärler. Şeýle hem olar söweş meýdanyndaky goşunlary howadan penalamak wezipelerini ýerine ýetirýärler.

«SU-25» kysymly uçarlaryň topary harby kerweni aňladýan toparlaýyn nyşan boýunça raketa-bomba urgularyny amala aşyrmak üçin dört uçaryň düzüminde uçuş söweşjeň tertibinde söweş meýdanyna girýär we bomba zarbalaryny amala aşyrýar. Zarbadan soňra uçarlar jübütleýin söweş tertibine paýlanyp, raketa urgularyny amala aşyrmak üçin hüjüme geçýärler.

Uçarlar harby kerweni aňladýan nyşanalara raketa urgularyny geçirýärler. Soňra kiçi göwrümli nyşanalary doly ýok etmek maksady bilen, okuw-söweşjeň uçuş emellerini ýerine ýetirip, ot açyşlary amala aşyrýarlar.

Şol bir wagtda, ýörite arassalaýyş bölünmeleri arassalaýyş nokatlaryny ýaýbaňlandyrýarlar hem-de daşky gurşawa zyýanly täsiri bolan serişdeleri ýok etmek üçin, «Awgusta-109» dikuçarlary raketa goýberişlerini geçirýärler.

Harby-howa güýçleriniň «Mi-24» kysymly söweşjeň dikuçarlary pes beýiklikden gizlinlikde hereket edip, ýakynlaşmak bilen howa zarbasyny geçirmek üçin ýörite-taktiki uçuş emelini ýerine ýetirip nyşanalara awiasiýa toplaryndan ot açyşlary amala aşyrýarlar.

Harby desgalary we raketa urgy toplumlary zabt edip ele salmak boýunça taktiki-ýörite hereketler ýerine ýetirilýär. Uzak aralykda ýüze çykarylan operatiw-taktiki raketa toplumyny ele salmak maksady bilen, 2 sany «Mi-17» kysymly dikuçarlardan ýörite maksatly toparlar zabt ediş usulynda ýörite ýüpleri peýdalanmak arkaly ýere düşýärler.

Ýörite maksatly toparlar raketa goýberiji desgasyna we olaryň dolandyryş awtoulagyna ikitaraplaýyn hüjüm edýärler. Bu görnüşler ýurdumyzyň harby gullukçylarynyň öz öňlerinde goýlan wezipeleri ussatlyk bilen degişli derejede ýerine ýetirmegi başarýandygyny alamatlandyrdy.

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlary harby desgany ele salmak üçin awto we motoulaglarda dessin hereket edip, ýüzugra zabt etmek boýunça taktiki-ýörite hereketleri ýerine ýetirýärler.

Harby türgenleşigiň şertli okuw ýagdaýyna laýyklykda, ýaraglanan toparlar önümçilik desgasyny we onuň binalar toplumyny talaňçylykly maksatlar bilen eýelemek boýunça hereketleri amala aşyrýarlar. Şeýlelikde, önümçilik desgasynda hadysa ýüze çykyp, zäherleýji jisimler howa zyňylýar.

Ýüze çykan ýagdaýy seljerip, «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlaryň we halas ediş gulluklarynyň ýaragly toparlary zyýansyzlandyrmak we adatdan daşary ýagdaýyň öňüni almak boýunça bilelikdäki hereketleri guralýar.

Bilelikdäki hereketler «Türkmen edermen» ýörite maksatly güýçleriniň mergenler toparynyň garşylyklaýyn söweşijileri ýok etmegi bilen başlanýar.

Ot açyş nokatlary ýok edilenden soňra, ýörite maksatly toparlar ýapyk binalary we desgalary zabt etmek, garşydaşyň ýeňil sowutlanan ulaglary aňladýan nyşanalaryny hatardan çykarmak, şeýle hem çaknyşyk meýdanyndan awtobusy peýdalanmak bilen gaçmaga synanyşýan ýaragly topary ele salmak boýunça okuw-söweşjeň taktiki-ýörite hereketleri geçirýärler.

Şol bir wagtda önümçilik desgasynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyş we halas ediş işleri müdirliginiň ýerli halas ediş toparlary zäherleýji jisimleriň ýaýramagynyň öňüni almak we zyýanly netijelerini ýok etmek çärelerini geçirýärler.

Harby okuw türgenleşiginiň dowamynda asmana atyjy raketa toplumlary garşydaşyň howa urgularyny serpikdirmek boýunça wezipeleri ýerine ýetirip, dürli howa nyşanalaryny ýok etdiler. Bellenen wagtda söweş uçaryny aňladýan howa nyşany asmana uçurylýar. Ol häzirki zaman asmana atyjy raketa toplumyndan takyk atyjy raketa bilen ýok edilýär.

Artilleriýa bölünmeleri reaktiw ot açyş ulgamlaryndan we artilleriýa toplaryndan dürli uzaklykdaky nyşanalary ýok etmek boýunça artilleriýa odunyň dürli görnüşlerini peýdalanyp, nyşanalary hatardan çykardylar.

Gury ýerde garşydaşa güýçli ot açyp, täsir etmek tanklara mahsusdyr. Ýörişiň dowamynda bellenen sepgide ýeten tankçy wzwodlar garşydaşyň tanklaryny alamatlandyrýan nyşanalar boýunça ot açýarlar hem-de bellenen aralykdaky nyşanalary hatardan çykaryp, söweşjeň ussatlyk görkezýärler.

Häzirki döwürde ýaragly çaknyşyklarda dürli maksatlar bilen peýdalanylýan kiçi göwrümli uçarmansyz uçýan enjamlary dürli usullar bilen ýok etmek boýunça goşunlaryň bilelikdäki hereketleri amala aşyrylýar. Radioelektron göreş toplumy goralýan desganyň çägine uçarmansyz enjamlaryň girmegine ýol bermeýärler we desganyň goragyndaky «Şilka» kysymly asmana atyjy toplumlary kiçi göwrümli bu howa nyşanalaryny ýok edýär. Şeýle hem has pes beýiklikden aralaşmak synanyşygyny edýän howa nyşany gondurylýar we ol zyýansyzlandyrylýar.

Goralýan desga ýaragly toparyň hüjümini serpikdirmek boýunça Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň çäk goranyş goşunlarynyň we «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlarynyň bilelikdäki taktiki-ýörite hereketleri ýaýbaňlandyrylýar. Desga hüjüm edýän topar onuň goragyny alyp barýan şahsy düzümiň inžener-tehniki serişdeleri peýdalanylýar.

Şeýle hem hüjüm edýänlere goldaw bermek üçin beýleki ugurdan awtoulagda hereket edýän ýaragly topar ýüze çykaryldy. Olary gabap ele salmak maksady bilen, motoulaglardaky çalt hereket edýän ýörite maksatly topar sowutly awtoulagy penalamak arkaly garşylykly hüjümi guramak bilen bu ýaragly topary hatardan çykardy.

Soňra Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Gury ýer goşunlarynyň we ýörite güýçleriniň bölünmeleri harby kerweniň düzüminde hereket edýärler. Kerweniň hereket ugrunda gizlin ýer gurnan ýaragly topar sowutly awtoulagyň ýaraglaryndan ot açmak bilen ýok edilýär. Şeýle hem kerweniň ýoluny kesmek maksady bilen, hereket edýän ýeňil sowutlanan awtoulag söweşjeň nobatçylykdaky artilleriýa bölünmeleriň ot açmagy bilen hatardan çykarylýar.

Söweş hereketleri meýdanyna girmek bilen bölünmeler söweşjeň tertibe ýaýbaňlanýarlar we ýüzugra ýakyn aralykda zabt etmäge başlaýarlar. Hüjümiň başlanmagy bilen hereket edip barýan sowutly ulaglardan söweşjeň bölümler çalt düşüp, nyşanalary ýok etmäge girişýärler. Söweş meýdanyndaky aýratyn howply nyşanalar bolan ýeňil sowutlanan kast ediji partlaýjy ulaglar ot açyş nokady elde göterilýän ognemýotlardan ot açyp ýok edilýär.

Ýüzugra, hüjümi geçirip tamamlan şahsy düzüm hereketi dowam edýän awtoulaglaryna münýärler we indiki wezipäni ýerine ýetirmek üçin ugur boýunça hereketini dowam edýärler.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ýörite maksatly toparlary «Mi-17» kysymly dikuçarlardan dürli beýikliklerden toparlaýyn paraşýutly böküşleri amala aşyrýarlar.

Soňra «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlarynyň okuw söweşjeň hereketleriniň görkezme çykyşlary ýerine ýetirilýär.

Bu çykyşlarda ýörite maksatly toparlar özleriniň başarnyklaryny görkezmek üçin çylşyrymly hereketler bilen golaý aralykdan dürli ýagdaýlarda durup ot açýarlar. Şunlukda, harby gullukçylar ýarag ulanmaklygyň inçe tilsimlerini ussatlarça ýerine ýetirýärler.

Ätiýaçlykdan kabul edilen bölünmeleriň söweşjeň sazlaşyk okuwlarynyň dowamynda taýýarlygy kämilleşdirmek boýunça başa-baş el söweşi we harby sport päsgelçilik zolagyndaky harby amaly hereketleri boýunça türgenleşikleri geçirilýär.

Şu gezekki harby-taktiki türgenleşiklerde Harby-howa güýçleri we howa hüjüminden goranmak goşunlary, Guryýer goşunlarynyň harby bölümleri, şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlary şertli garşydaşy hem-de döwletimiziň çägine taşlanan diwersion toparlary zyýansyzlandyrmakda we ýok etmekde öz başarnyklaryny görkezdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň