Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukçylara Özbegistanda öndürilýän awtoulaglar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek barada tabşyryk berdi

06:5714.06.2019
0
4228

13-nji iýunda ýurdumyzyň harby bölümleriniň biriniň işi bilen tanyşlygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti harby bölümiň awtoulaglar saklanýan ýerine geldi - diýip, TDH habar berýär.

Häzirki zaman söweşjeň tehnikalary esgerleriň we serkerdeleriň harby gulluklarynda netijeli peýdalanylýar. Şunlukda, harby gullukçylar söweşjeň tehnikalara ussatlyk bilen erk edip, öz öňlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda zerur tagallalary edýärler. Harby gullukçylaryň hünär taýdan taýýarlyk derejesiniň kämilleşdirilmegi, olaryň ussatlyklarynyň we ukyp-başarnyklarynyň barha artmagynyň baş şertini emele getirýär.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde görkezilýän harby tehniklaryň häsiýetli aýratynlyklary bilen gyzyklanyp, döwletimiziň harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi ugrunda yzygiderli alada etjekdigini aýtdy hem-de söweşjeň tehnikalary netijeli peýdalanmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Bu ýerde tehnikalaryň hatarynda Özbegistan Respublikasynda öndürilen dürli görnüşdäki ulaglar hem bar. Döwlet Baştutanymyz goňşy ýurduň öndüren ulaglaryny synlap, olaryň häsiýetli aýratynlyklary bilen tanyşdy. Belent Serkerdebaşymyz Özbegistan bilen bu ugurda ýola goýlan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň ähli düzümlerinde, şol sanda Içeri işler ministrliginde täzeçil tehnologiýalary özleşdirmek, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, şol bir wagtyň özünde olaryň gulluk we ýaşaýyş şertleri üçin oňyn mümkinçilikleri döretmek bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyny tabşyrdy.

Döwletimiziň bu ugurda durmuşa geçirilýän çärelere yzygiderli goldaw berjekdigini aýdyp, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby gullukçylara alyp barýan jogapkärli gulluklarynda üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň