Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti nyşana ok atmak boýunça ussatlygyny görkezdi

06:5214.06.2019
0
4812

13-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidentiniň harby bölümleriniň birinde alnyp barylýan işler bilen tanyşlygynyň dowamynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýörite maksatly toparynyň söweşijileriniň ýaýlaryň dürli görnüşlerinden atmak babatda mergenlik görkezmegi, şeýle hem ýörite maksatly toparynyň söweşijileriniň degişli derejede enjamlaşdyrylan meýdançada hereketdäki nyşanalara söweşjeň atyşygyny geçirýän pursatlary has-da täsirli boldy.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz söweşjeň ýaragdan nyşana ok atyp, mergenlik ussatlygyny nobatdaky gezek görkezdi. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz sportuň dürli görnüşleri, şol sanda ok atmak bilen ýetginjeklik ýyllarynda meşgullanyp, bu ugurda belent derejelere ýetdi. Munuň özi her bir ugur boýunça hünär ussatlygyny kämilleşdirmegiň nusgalyk mekdebi bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň goýlan nyşanalary dürs urup bilmegi bu ugurda ýeterlik tejribe toplap, ýokary ussatlyk derejä ýetendigini äşgär edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň