Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň ýaragly Güýçlerine düzümleri ýarygije dessin söweşjeň taýýarlygyna getirmek barada buýruk berdi

06:3714.06.2019
0
6743

13-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaragly Güýçleriň taýýarlyk we söweşjeň ukybyny duýdansyz barlamak maksady bilen, gije ýarymdan agansoň, degişli düzümleri dessin söweşjeň taýýarlyk ýagdaýyna getirmek barada buýruk berdi - diýip, TDH habar berýär.

Milli goşunymyzyň ähli şahsy düzümleri, söweşjeň uçarlary we dikuçarlar harby okuw-türgenleşik merkezlerine tarap ýörişi amala aşyrdylar.

Geçirilýän harby okuw-türgenleşik işleri milli goşunymyzyň şahsy düzümleriniň söweşjeň taýýarlygyny barlamaga gönükdirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň