Soňky habarlar

Arhiw

S.Toýlyýew: "Aspiranturalarda we doktoranturalarda ylmyň, tehnologiýalaryň öňdebaryjy gazananlaryny özleşdirýän hünärmenler taýýarlanylýar"

10:5213.06.2019
0
951

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ylymlar akademiýasynda geçiren maslahatynda çykyş eden Ylymlar akademiýasynyň prezidenti S.Toýlyýew ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň adyndan döwlet Baştutanymyzy Ylymlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de milli Liderimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, innowasion tehnologiýalaryň, ylmyň gazananlarynyň we öňdebaryjy dünýä tejribeleriniň ykdysadyýetimize giňden ornaşdyrylýandygyny nygtady. Jemgyýetimiziň aň-bilim, döredijilik mümkinçiligi yzygiderli ýokarlandyrylýar, ýaş alymlary, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda uly ösüş gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň kesgitläp beren ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýurdumyzyň ylmy edaralary tarapyndan geljegi möhüm ähmiýetli ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.

Aýratyn nygtalyşy ýaly, döwlet Baştutanymyz ylym ulgamynyň binýadyny berkitmek hem-de yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, ýokary tehnologiýalara, düýpli nazary ylymlara esaslanýan sanly ykdysadyýeti kemala getirmek babatda hem uly tagallalary edýär.

Milli Liderimiziň örän oýlanyşykly ylmy-tehniki syýasatyna laýyklykda, mundan 10 ýyl ozal Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy döredildi. Munuň özi bu ulgamda düýpli özgertmelere badalga berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde, TYA-nyň ylmy-barlag institutlarynyň düzümi düýpli kämilleşdirildi. Ýurdumyzyň ylmy-tehniki ösüşini çaltlandyrmakda hem-de döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmakda ylmyň eýeleýän orny ýokarlandy.

Döwlet Baştutanymyzyň geçirýän geljegi nazarlaýan özgertmeleri netijesinde, ylym ulgamynyň dolandyrylyşy, maliýeleşdirilişi, gurluşy, hukuk binýady tapgyrma-tapgyr döwrebaplaşdyryldy. Ylmy işgärleri taýýarlamagyň, tebigy, takyk, durmuş-ynsanperwer ylymlary, innowasiýa işini ösdürmegiň, ylmy barlaglaryň we innowasiýa tehnologiýalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň, milli medeni mirasy ylmy taýdan öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň döwlet maksatnamalary kabul edildi.

Döwlet Baştutanymyzyň ylymdaky we döredijilikdäki göreldesini nusga edinen Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň, Tehnologiýalar merkeziniň alymlary täzeçe usullar esasynda degişli işleri amala aşyrýarlar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» ugur alnyp, ykdysadyýetimiziň sanly düzümleriniň ösdürilmegine, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýän düýpli, ylmy-amaly barlaglar ýerine ýetirilýär, täze innowasion tehnologiýalar döredilýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy esasly başlangyçlary netijesinde döredilen «Altyn asyr» Türkmen kölüniň, şunuň bilen birlikde, Hazar deňziniň haýwanat we ösümlik dünýäsi, ekologiýa ýagdaýlary ýurdumyzyň alymlary tarapyndan öwrenilýär. Halypa alymlar bilen birlikde, ýaş alymlar hem bu gün täze materiallaryň tehnologiýasy, nanomateriallar, himiki tehnologiýalar, biotehnologiýalar, maglumat tehnologiýalary, mehatronika we robot tehnikasy, innowatika ýaly möhüm ugurlar boýunça ylmy-barlag, taslama işlerini alyp barýarlar.

Düýpli, amaly, nazary, gözleg ylmy barlaglar, innowasion işläp taýýarlamalar, durnukly ylmy-tehnologik ösüşler Türkmenistanyň halkara ylym giňişligindäki abraýyny has-da ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

TYA-nyň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, döwlet Baştutanymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän ylmy-tehniki syýasatda ileri tutýan ulgamlaýyn maksatlar ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary üçin giň dünýägaraýyşly, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdyr. Bu babatda «Türkmenistanda ylmy işgärleri taýýarlamagyň döwlet maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipelerden ugur alnyp, aspiranturalarda we doktoranturalarda ylmyň, tehnologiýalaryň öňdebaryjy gazananlaryny özleşdirýän hünärmenler taýýarlanylýar.

Ylymlar akademiýasynyň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar merkezi tarapyndan ýaşlary ylma we döredijilige höweslendirmek bilen bagly işler alnyp barylýar. Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlary bilen ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hem hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.

Taryh, arheologiýa ugrundan bilim berýän ýokary okuw mekdepleriniň talyplary taryhy-medeni ýadygärliklerdäki gazuw-agtaryş işlerine gatnaşdyrylýar, olar üçin alymlar bilen duşuşyklar, söhbetdeşlikler, ylmy-amaly maslahatlar guralýar.

Aspirantlar, doktorantlar, ýaş alymlar we hünärmenler üçin okuw maslahatlary geçirilýär. Dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri bilen tanyşmak, gözýetimlerini giňeltmek, hünär taýdan kämilleşmek, innowasion tehnologiýalaryň inçe tilsimlerini özleşdirmek maksady bilen, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ylmy merkezlerine hünär kämilleşdiriş okuw saparlary guralýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylym dünýäsindäki şahsy göreldesinden, ägirt uly döredijilik goşandyndan, energetika, ulag-üstaşyr, suw boýunça öňe sürýän netijeli başlangyçlaryny nusgalyk ýörelge edinen türkmen alymlary maddy-enjamlaýyn binýady dünýä derejesine ýetirilen ylmy-barlag institutlarynda döredijiliki zähmet çekýärler.

Nygtalyşy ýaly, milli Liderimiz ýurdumyzyň ylmynyň we biliminiň mümkinçiliklerini ählumumy parahatçylygyň, dostlugyň, ösüşiň bähbitlerine gönükdirýär. Iri halkara guramalar, daşary ýurtlaryň ylmy merkezleri bilen hyzmatdaşlyk bu ulgamda halkara we döwletara ylalaşyklar, bilelikdäki ylmy taslamalar esasynda has-da pugtalandyrylýar.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde ekologiýa howpsuzlygy üpjün etmek, sebitde hem-de bütin dünýäde energetika hyzmatdaşlygy ösdürmek, ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek ýaly möhüm ugurlarda ylmy esasly başlangyçlary bilen ençeme gezek çykyş etdi. Şol başlangyçlar giň goldawa eýe boldy.

Milli Liderimiziň çuňňur paýhasa ýugrulan kitaplary, öňdengörüjilikli başlangyçlary halkara jemgyýetçilikde uly gyzyklanma döredýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan döredijilikli içeri we daşary syýasat, döwletleriň hem-de halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky ägirt uly tagallalar, ylmy ösdürmekdäki beýik hyzmatlar ählumumy halkara ykrarnama eýe boldy. Döwlet Baştutanymyza ençeme hormatly alymlyk derejeleriniň hem-de hormatly ylmy atlaryň berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

TYA-nyň ýolbaşçysy çykyşynyň ahyrynda ýurdumyzyň ylmyny kämilleşdirmekde we ösdürmekde döredýän hemme zerur şertleri üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan asylly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň