Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň gurluşyny tassyklady

10:4313.06.2019
0
7800

Türkmenistanda ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin zerur bolan täze hünär ugurlary boýunça ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň gurluşy tassyklanyldy.

Degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna Adalat ministrligi bilen bilelikde, şu Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň