Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutynyň ady üýtgedildi

10:3413.06.2019
0
13636

Türkmenistanyň ulag pudagy hem-de ýaşaýyş jaý-jemagat ulgamlary üçin ýokary derejeli inženerleri we tehnologlary taýýarlamagy kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutynyň ady üýtgedilip, ol Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty diýlip atlandyryldy, şeýle hem şu institutyň gurluşy tassyklanyldy.

Bilim ministrligine institut bilen bilelikde Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Tertipnamasynyň taslamasyny bir aý möhletde taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň