Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen Lideri Kasym-Žomart Tokaýewi Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen gutlady

10:1813.06.2019
0
4345

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy - diýip, TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany öz kärdeşi bilen mähirli salamlaşyp, gazak Liderini Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, abadançylyk we ýokary döwlet wezipesindäki jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew gutlaglar hem-de hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Gazagystanyň Türkmenistan bilen dostluk gatnaşyklaryna hemişe ygrarlydygyny tassyklady. Bu gatnaşyklar özara hormat goýmak, düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanyp, soňky ýyllarda hil taýdan täze mazmuna eýe boldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şunda özara tagallalaryň birleşdirilmeginde has uly kuwwata eýe bolan ulgamlara aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady ulgamda, ulag-aragatnaşyk toplumynda, nebitgaz senagatynda, oba hojalygynda hem-de beýleki pudaklarda netijeli hyzmatdaşlygy geljekde hem giňeltmek üçin köpugurly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Munuň özi sebit we sebitara derejede täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri döredýär.

Şeýle hem netijeli ynsanperwer gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagynyň ähmiýeti nygtaldy. Munuň özi türkmen we gazak halklarynyň medeni hem-de ruhy gymmatlyklarynyň kemala gelen taryhy umumylygy bilen berk baglanyşyklydyr.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meseleler boýunça hem pikir alyşdylar. Şunda iki ýurduň iri halkara guramalaryň, ozaly bilen, BMG-niň çäklerinde tutuş dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, oňyn hyzmatdaşlyga ygrarlydygy tassyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewi Türkmenistana döwlet sapary bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhleti diplomatik ýollar boýunça ylalaşylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda iki ýurduň Liderleri netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça geljekde hem pugtalandyryljakdygyna hem-de giňeldiljekdigine ynam bildirip, Türkmenistanyň we Gazagystanyň halklaryna iň gowy arzuwlaryny aýtdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň