Ýaş alymlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi

10:1413.06.2019
0
8588

Her ýylyň 12-nji iýuny ýurdumyzyň senenamasynda aýratyn dabaraly gün hökmünde şöhlelenýär. Bu günde halkymyz dabara bilen Ylymlar gününi belläp geçýär. Şu ýyl hem adaty ýyllarda bolşy ýaly, türkmen paýtagty şanly wakalara baý boldy. Ylymlar güni mynasybetli ylmy-amaly maslahatlaryň ençemesi geçirildi. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uly mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde Türkmenistanyň ýaş alymlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Ylmy işleriň her ýylky gözden geçirilşi türkmen ylmynyň ösdürilmegine, ýaş alymlaryň ylmy barlaglarynyň höweslendirilmegine, olaryň milli ykdysadyýetimize goşandynyň artdyrylmagyna ýardam edýär. Aň-paýhas bäsleşigine ylmy barlag institutlaryň önümçilik birleşikleriniň, ylmy tehniki kärhanalaryň ýaş alymlary ýokary okuw mekdepleriň, ýörite orta okuw mekdepleriň mugallymlary hem talyplary işjeň ylmy işe gyzyklanma bildirýän islendik hünärdäki ýaş türkmenistanlylar gatnaşýar. Dabaranyň hatarynda paýtagtymyzda geçirilen “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylaryň bolmagy aýratyn ähmiýetlidir. Bu abraýly ylmy bäsleşige gatnaşýanlaryň sany ýyl saýyn artýar. Şu ýyl ýaş alymlaryň 500-den gowragy ýurdumyzyň ylmyny nanotehnologiýalar, täze serişdeleri ylmy taýdan barlamak, energetika, biotehnologiýalar, molekulýar biologiýa, oba hojalyk, ekologiýa we genetika, maglumatlar aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary, häzirki zaman lukmançylyk hem-de derman serişdelerini önümçiligi tehnologiýalary, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlary ýaly ileri tutylýan ulgamlarda özleriniň taslamalaryny we ylmy barlaglaryny hödürlediler. Emin agzalary hödürlenen ylmy işleriň wajyplygy, ylmy taýdan täzeçilligi, olary iş ýüzinde durmyşa geçirmegiň we önümçilige ornaşdyrmagyň ähmiýeti bilen baglylykda zerurlygy nukdaý nazaryndan bäsleşigiň ýeňijileriniň 36-ny kesgitlediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň