Aşgabatda halkara ylmy maslahat açyldy

10:1213.06.2019
0
6273

Aşgabatda «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara maslahat açyldy. Ylymlar gününe bagyşlanan foruma türkmen alymlary, şeýle hem dünýäniň 20 ýurdunyň ylmy toparlarynyň mugallymlary we ýaş alymlary gatnaşdy - diýip, TDH habar berýär.

Olaryň hatarynda Germaniýadan, Ispaniýadan, Bolgariýadan, Çehiýadan, Belarusdan, Russiýadan, Polşadan, Ukrainadan, Gruziýadan, Gazagystandan, Hytaýdan, Ýaponiýadan, Koreýa Respublikasyndan, Hindistandan, Müsürden we beýleki ýurtlardan gelen wekiller bar.

Ýurdumyzyň öňdebaryjy ylym-bilim merkezi bolan Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde bu maslahatyň aýdym-sazly dabaraly baýramçylyk açylyşy boldy. Soňra maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ylymlar güni mynasybetli halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara we ylmy jemgyýetçilige iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler.

Umumy mejlisiň dowamynda Ýewropanyň we Aziýanyň belli ylmy merkezleriniň wekilleri: Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň prezidenti Giorgiý Kwesitadze, Ýaponiýanyň Tohoku uniwersitetiniň professory, ylymlaryň doktory Mosumoto Ýuji, Gazagystanyň Milli ylymlar akademiýasynyň wise-prezidenti Maksat Kalimoldaýew, HHR-iň Şensi welaýatynyň Çagalar halk hassahanasynyň direktory, ylymlaryň doktory, professor Jiao Fuýong, Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, Daşkendiň döwlet tehniki uniwersitetiniň professory, ylymlaryň doktory Muhammet Kabir Bahadirhanow, Polşanyň Ýakow Paradižskiý adyndaky akademiýasynyň Gožuw-Welikopolsk Tehniki uniwersitetiniň professory, ylymlaryň doktory Ryşard Frydryk, Başgyrdystanyň (RF) Döwlet agrar uniwersitetiniň professory, ylymlaryň doktory Rinat Gadiýew, Ispaniýanyň Santýago de Kompostella uniwersitetiniň Ykdysady seljeriş ylmy merkeziniň direktory, professor, ylymlaryň doktory Ýolanda Pena-Boget gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.

Myhmanlar ýokary tehnologiýaly ylma esaslanýan önümçilikleri döretmek, umumy we möhüm ylmy-tehniki wezipeleri çözmek üçin amaly barlaglary hem-de synag işläp taýýarlamalary geçirmek ulgamynda bilelikdäki taslamalary guramakda hyzmatdaşlygyň we mümkinçilikleriň geljegi barada öz garaýyşlaryny beýan etdiler.

Daşary ýurtly alymlar türkmen kärdeşleri bilen giň hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny beýan edip, ýurdumyzda häzirki zaman ylmy düzümleriň kemala gelendigini, döwlet Baştutanymyzyň goldawy hem-de ünsi netijesinde innowasion işler üçin döredilen mümkinçilikleriň we şertleriň bardygyny bellediler.

Maslahata gatnaşyjylar Ylymlar güni mynasybetli guralan çärä — ýaş türkmen alymlarynyň arasynda geçirilen ylmy bäsleşigiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasyna hem gatnaşdylar.

Türkmen paýtagtynyň myhmanlary üçin Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine, Türkmen halysynyň milli muzeýine, Olimpiýa şäherçesine we «Ylham» seýilgähine gezelençler guraldy.

Halkara maslahat öz işini dowam etdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň