Soňky habarlar

Arhiw

Balkan welaýatynda galla oragyna girişildi

09:5113.06.2019
0
4736

Düýn - 12-nji iýunda Balkan welaýatynda galla oragyna girişildi. Welaýatyň gallaçylarynyň döwlet borçnamasy 120 müň tonna bugdaý ýygnamakdan ybaratdyr. Günbatar sebitde güýzlük bugdaý üçin 60 müň gektar ýer bölünip berildi. Bu ekin meýdanlary, esasan, Serdar we Bereket etraplarynyň daýhan birleşikleriniň ekerançylyk meýdanlaryna degişlidir. Sebitde bol hasyl ýetişdirmek ugrunda agrotehniki kadalara berk eýermek, güýzlük bugdaýa ideg etmek boýunça çäreleri takyk berjaý etmek bilen baglanyşykda köp işler edildi - diýip, TDH habar berdi.

Welaýatda galla oragy möwsüminiň her bir gününi netijeli peýdalanmak üçin zerur taýýarlyk işleri alnyp baryldy. Ekin meýdanlaryna däne orýan kombaýnlaryň onlarçasy çykaryldy, şolaryň bökdençsiz işledilmegi üçin awtoulaglar, ätiýaçlyk şaýlar, ýangyç-çalgy serişdeleri bilen ýeterlik üpjün edilen abatlaýyş-mehaniki toparlaryň giň düzümi guraldy.

Welaýatda möwsümiň öň ýanynda welaýat hem-de etrap häkimlikleriniň wekilleriniň, tejribeli agronomlaryň, mehanizatorlaryň, kärendeçi gallaçylaryň gatnaşmagynda önümçilik-okuw maslahatlary geçirildi. Olarda möwsümi mynasyp derejede guramak, galla oragyna dahylly tutuş toplumyň işini anyk we sazlaşykly üpjün etmek meselelerine üns berildi.

Okuw maslahatyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa oba zähmetkeşleri hakynda edýän hemişelik aladasy, obasenagat toplumyny tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrmaga we döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler, Watanymyzyň abadançylygyna we gülläp ösüşine saldamly goşant goşýan ekerançylaryň mynasyp durmuşy we netijeli zähmet çekmegi babatda döredýän şertleri üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň