Daşoguz welaýatynda galla oragyna girişildi

09:4013.06.2019
0
3146

Düýn - 12-nji iýunda Daşoguz welaýatynda galla oragyna girişildi. Bu ýyl ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde galla oragynyň başyny başlamak hormatyna guşgursak bugdaýyň bol hasyly ýetişdirilen Görogly etrabynyň «Aksaraý» daýhan birleşiginiň ekerançylary mynasyp boldular. Bu künjekde bugdaý örän hasylly boldy, beýleki ýerlere garanyňda, bugdaýyň altyn başlary dok dänelere has ir beslendi - diýip, TDH habar berýär.

Daşoguz welaýatynda bugdaý ekilen 157 müň gektardan, ekerançylar 300 müň tonna bugdaý ýygnamagy maksat edinýärler. Gallaçylar ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşan bugdaý sortlaryny ekdiler.

2019-njy ýylyň bugdaý möwsüminde däne orýan kombaýnlaryň 380-si ulanylýar. Esasan, «John Deere» (ABŞ), «CLASS» (Germaniýa) kombaýnlaryna tejribeli mehanizatorlar erk edýärler. Kombaýnçylaryň köpüsi ýakynda dünýäniň öňdebaryjy öndürijilerinden ýurdumyza getirilen täze häzirki zaman tehnikalaryny gowy dolandyrmak maksady bilen, ýörite hünär okuwlaryny geçdiler.

Orak möwsümi döwründe zerur ýangyç, çalgy serişdeleri, tehnikalar üçin ätiýaçlyk şaýlar bilen üpjün edilen göçme abatlaýyş-mehaniki toparlaryň 117-si gallaçylara gije-gündiziň dowamynda hyzmat eder. Möwsüme gatnaşýan mehanizatorlar, sürüjiler we beýleki işgärler bilen zähmeti goramak, ýangyn howpsuzlygy boýunça okuwlar geçirildi. Olar üçin ekin meýdanlarynda degişli durmuş şertleri döredildi, medeniýet işgärleriniň çykyşlary, göçme söwda hem guralar.

Galla meýdanlaryndan bugdaýy kabul ediş bölümlerine ýük awtoulaglarynyň 1900-si daşar. Bugdaýyň bir bölegi guradylandan we deslapky arassalanandan soň tohumlyk üçin saýlanyp alnar, galany bolsa un ediler, şeýle hem Görogly, Boldumsaz, S.Türkmenbaşy adyndaky we beýleki etraplardaky elewatorlarda saklamak üçin goýlar.

«Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugynyň barlaghanalary hem möwsüme doly taýýar edildi. Bu gullugyň hünärmenleri iň täze enjamlaryň kömegi bilen, ekin meýdanlardan gowuşýan bugdaýyň hilini bada-bat barlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň