Türkmenistanyň Prezidenti ylmyň ykdysadyýetdäki ornuny güýçlendirmek boýunça tabşyryklary berdi

17:0312.06.2019
0
1854
Türkmenistanyň Prezidenti ylmyň ykdysadyýetdäki ornuny güýçlendirmek boýunça tabşyryklary berdi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda geçirilen maslahatda döwlet Baştutany maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki döwürde ýurdumyzda ylmy ösdürmek üçin ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ylmy barlaglaryň netijelerini, ylmy-barlag edaralarynyň, okuw mekdepleriniň alymlarynyň mümkinçiliklerini ulanmagyň gerimini giňeltmegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ylmy barlaglaryň netijeliligini gowulandyrmak bilen baglanyşykly wezipeleriň ýerine ýetirilmegi üçin degişli tabşyryklary berdi. Şolaryň hatarynda:

ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini mundan beýläk-de güýçlendirmekde, ykdysadyýetimizi öňdebaryjy tehnologiýalar, innowasiýalar we ylmyň gazananlary esasynda ösdürmekde ylmyň ornuny ýokarlandyrmak;

ýokary derejeli ylmy işgärleri taýýarlamaga, ylmy-barlag işlerini alyp barmaga ünsi güýçlendirmek;

organiki we organiki däl maddalary, minerallary, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemegiň usullaryny düýpli öwrenmek;

ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň esasynda gurluşyk, senagat, dokmaçylyk we durmuş maksatly täze materiallary döretmegi, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary işläp taýýarlamagy dowam etmek bar.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň