Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ylmy goldamak üçin uly mukdarda pul serişdesi goýberilýär

17:0112.06.2019
0
3849

Türkmenistanyň ylmy kuwwatyny has-da artdyrmak, ylmyň iň täze gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak, şeýle hem Ylymlar akademiýasynyň we onuň garamagyndaky ylmy-barlag institutlarynyň, edara-kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, ylmy işgärleri ýokary derejede taýýarlamaga döwlet tarapyndan giňden goldaw bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Ylymlar akademiýasyna Türkmenistanyň 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyndan 35 000 000 (otuz bäş million) manat möçberde pul serişdelerini bölüp bermek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň