Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Dubaýdaky ýygnanyşykdan soň Aşgabada dolandy

15:1412.06.2019
0
6944

Şu gün irden Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Dubaý şäherinde geçirilen okuw-türgenleşik ýygnanyşygyndan soňra Aşgabat şäherine gaýdyp geldi. BAE-däki türgenleşikleriň çäginde ýurduň paýtagty Abu-Dabide Ugandanyň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçiren türkmen futbolçylary FIFA-nyň reýtinginde 79-njy oruny eýeleýän garşydaşlaryndan ýeňilmediler. Duşuşyk 0:0 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. 

Aşgabada dolanan futbolçylar dessine klublaryna gaýdyp baryp, ünsi degişli çempionatlaryna gönükdirdiler. Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu gün Ýokary ligada 13-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler. Tapgyrdaky "Merw" - "Ahal" duşuşygy bolsa 18-nji iýuna geçirildi. Munuň sebäbi, "Ahalyň" esasy düzümdäki 8 futbolçysynyň başga bir howa gatnawy bilen Aşgabada giç gelmegidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň