Türkmen Lideri ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiligine we halkara forumyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi

04:2412.06.2019
0
1872
Türkmen Lideri ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiligine we halkara forumyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi

Hormatly alymlar, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri! 
Halkara ylmy maslahata gatnaşýan gadyrly myhmanlar!

Sizi «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylyň ajaýyp günlerinde giňden bellenýän Ylymlar güni, şeýle hem «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Ylym döwletiň kuwwatydyr. Şoňa görä-de, biz Garaşsyz Watanymyzy okgunly ösdürmek, dünýäniň syýasy, ykdysady, medeni giňişligindäki bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin köp işleri amala aşyrýarys. Ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryndan, täze tehnologiýalardan, innowasiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak wezipelerinden ugur alyp, bu ugurlara düýpli maýa goýumlaryny gönükdirýäris. Bilimlere we innowasiýalara daýanyp, dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesinde milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrýarys, iri taslamalary durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde uly üstünlikleri gazanýarys. Ylym ulgamynyň gurluşyny, dolandyrylyşyny, hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirip, düýpli ylmy-tehniki özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirýäris. Häzirki zaman bilimlerini hem-de ylymlaryny düýpli özleşdirýän ýokary derejeli inženerleri we zehinli alymlary taýýarlamak üçin ähli şertleri döredýäris. Häzirki döwürde ylym ulgamynda halkara ölçeglere laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalary we maglumat-aragatnaşyk enjamlaryny yzygiderli ornaşdyrmak işlerini üstünlikli alyp barýarys. Şunuň bilen baglylykda, bäsleşige ukyply öňdebaryjy düýpli ylmy barlaglary alyp barmak, möhüm ylmy-tehnologik ugurlaryň we barlaglaryň hil taýdan täze derejesini döretmek boýunça yzygiderli işleri geçirýäris.Ylmy-tehniki işiň netijelerini we täze tehnologiýalary ulanmak, innowasion senagaty, adam mümkinçiligini ösdürmek, zehinli ýaşlary ýokary tehnologiýalar we ylym ulgamyna çekmek üçin zerur çäreleri görýäris.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, ylym ulgamynyň kuwwatyny, adamyň aň-bilim mümkinçiliklerini artdyrmak bilen, ykdysadyýetimiziň innowasiýalara, tehnologiýalara we öňdebaryjy tejribelere daýanýan ösüşini üpjün etmäge, ylmyň, tehnologiýalaryň, önümçiligiň hem-de pudaklaryň arabaglanyşygyny pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýäris.

Ykdysadyýetiň pudaklaryny depginli ösdürmekde döwrebaplaşdyrylan hem-de ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýöriteleşdirilen akademiki we amaly ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy-tehnologik, ylmy-kliniki hem-de ylmy-taslama merkezlerinde, tejribe-önümçilik barlaghanalarynda, pudagara we pudaklaýyn ylmy guramalarda zähmet çekýän alymlaryň düýpli, amaly, nazary, gözleg ylmy barlaglarynyň, innowasion işläp taýýarlamalarynyň uly orny bardyr. Döwletimiziň ykdysady kuwwatyny berkitmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak bilen bagly möhüm wezipeleri çözmekde, ösüşiň innowasion ýoluny üpjün edýän täze senagat pudaklaryny döretmekde, dünýä ähmiýetli iri taslamalary, milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde bu işleriň ähmiýeti möhümdir. Golaýda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitinde täze, döwrebap ýaşaýyş-durmuş düzümini, önümçilik desgalaryny, maldarçylyk, balykçylyk we ekerançylyk toplumlaryny, ýel we Gün energiýasy desgalaryny öz içine aljak döwrebap obanyň düýbüniň tutulmagy hem muňa aýdyň güwä geçýär.

Gadyrly myhmanlar!

Türkmenistan ylmyň we bilimiň mümkinçiliklerini parahatçylygyň hem-de dostlugyň bähbitlerine gönükdirip, iri halkara guramalar bilen ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar. Öňdebaryjy döwletleriň belli ylym-bilim merkezleri bilen ylmy-tehniki gatnaşyklary täze derejelere çykarýar.

Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň 2017 — 2020-nji ýyllar üçin Ösüşiň bähbidine ylym we tehnika boýunça komissiýasyna saýlanmagy Garaşsyz döwletimiziň halkara ylym-bilim giňişligindäki abraýyny yzygiderli ýokarlandyrýan ajaýyp üstünlikleriň biridir. Bu bolsa, Garaşsyz Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, innowasion tehnologiýalar ugurlarynda sazlaşykly ösýän kuwwatly döwletleriň birine öwrülýändigine hem-de dünýäniň ylmy giňişligine üstünlikli goşulýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Hormatly alymlar, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri! 
Halkara ylmy maslahata gatnaşýan gadyrly myhmanlar!

Sizi Ylymlar güni, şeýle hem «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatynyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, ylmy hem-de döredijilik işleriňizde täze üstünlikleri we açyşlary arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň