Türkmenistanyň Prezidenti azyk howpsuzlygyna bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi

03:5112.06.2019
0
7771

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ýurdumyzyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipeleri, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Maslahatyň başynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew ýurdumyzyň pileçileriniň döwlete pile tabşyrmak boýunça ýyllyk meýilnamany üstünlikli berjaý edendiklerini habar berdi. Bellenilişi ýaly, edermen pileçiler dokma senagaty üçin gymmatly çig mal hasaplanylýan piläniň 2 müň 262 tonnadan gowragyny taýýarlap, bu baradaky meýilnamany 111,5 göterim ýerine ýetirdiler.

Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýew häzirki döwürde ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, şol sanda galla oragynyň depginlerini ýokarlandyrmak ugrunda görülýän çäreler we gowaçalara agrotehniki kadalara laýyklykda ýola goýulýan ideg işleriniň derejesi;

Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Ýazmyradow ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler hem-de pudagyň işini yzygiderli kämilleşdirmek babatda döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi;

wise-premýer M.Çakyýew ulag we aragatnaşyk toplumynda ýerine ýetirilýän işler, toplumyň ýük ulaglarynyň häzirki döwürde ýetişdirilen galla hasylyny kabul ediş bölümlerine, elewatorlara we ammarlara daşamak işine mynasyp goşant goşuşy;

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow gözegçilik edýän maliýe-ykdysady we bank ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem häzirki döwürde gallaçylar bilen hasaplaşyklary döwrüň talabyna laýyk derejede geçmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalygyny ösdürmekde tohumçylyk işini kämilleşdirmegiň, bu ugurda degişli alymlar bilen bilelikde iş alyp barmagyň wajypdygyny belläp, topluma öňdebaryjy tehnologiýalaryňdyr täzeçil usullaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň