Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen ýüpekçileri şertnamalaýyn borçnamasyny ýerine ýetirdiler

23:2011.06.2019
0
3477

Türkmenistanyň ýüpekçileri ýüpek gurçugynyň pilesini taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Bu barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa 11-nji iýunda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň wezipelerine hem-de oba hojalygynyň möhüm meselelerine bagyşlanyp geçirilen iş maslahatynyň barşynda hasabat berildi.

Umuman, ussat ýüpekçiler döwletimize dokma senagaty üçin gymmatly ýokary hilli çig malyň 2 müň 262 tonnasyndan gowragyny tabşyrdylar. Şeýlelikde, meýilnama 111,5 göterim berjaý edildi. Ýurdumyzyň ähli sebitleri pile öndürmek baradaky şertnamalaýyn borçnamalarynyň hötdesinden abraý bilen geldiler. Bu barada ilki Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň zähmetkeşleri, soňra bolsa Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň ýüpekçileri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň