“Age of Empire” oýnunyň täze nusgasy çykarylar

18:0211.06.2019
0
848

Kompýuter oýunlarynyň muşdaklarynyň iň söýgüli oýunlarynyň biri bolan “Age of Empires”-iň täze nusgasynyň satuwa çykaryljakdygy habar berildi. Öndüriji “Microsoft” şereketi muşdaklarynyň sabyrsyzlyk bilen garaşýan bu kompýuter oýnunyň güýzde satuw dükanlarynda peýda boljakdygyny habar berdi. Age of Empires II: Definitive Edition” ady bilen çykaryljak oýny “Xbox Game Pass” arkaly oýnamak bolýar. 4K durulygyndaky oýna täze sesler hem goşular. Galyberse-de oýunda “The Last Khans” atly ýörite missiýa bukjasy hem bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň