Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň wekilleri Aşgabatdaky tälimçilik kursuna gatnaýarlar

16:0311.06.2019
0
5522

Aşgabatda “C” kategoriýany almak ugrunda  tälimçilik kursuna badalga berdildi. «Köpetdag» stadionynda geçirilýän tälimçilik kursunyň gözükdirijisi hökmünde ýurdumyzyň at gazanan tälimçisi Röwşen Muhadow çykyş edýär. Nazaryýetdir tejribeçilik sapaklaryny öz içine alýan okuw-ýygnanyşygy 23-nji iýuna çenli dowam eder - diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Tälimçilik okuw-ýygnanyşygyna ýurdumyzyň dürli künjegine wekilçilik edýän futbol hünärmenleriň 27-siniň gatnaşýandygyny ýatladýarys.

Ýeri gelende aýtsak, tälimçilik kursuna tälimçiler bilen birlikde futbol boýunça milli ýygyndymyzyň oýunçylary Zafar Babajanowyň, Murat Ýakşiýewiň hem-de Mekan Saparowyň gatnaşýandygyny aýratyn bellemek gerek.

Okuw-ýygnanyşygynyň soňunda geçiriljek synaglary üstünlikli geçenlere çagalar toparlaryny türgenleşdirmäge hukuk berýän ýörite sertifikatlar gowşurylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň