Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň raýatlarynyň arasyndaky döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

11:0911.06.2019
0
743

Golaýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň merkezi geňeşiniň hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramaklarynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bagtly durmuşda, eşretli döwrümize guwanyp ýaşaýan raýatlarymyzyň arasynda «Ajap döwri peşgeş berdiň, Arkadag!» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa welaýat, şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan toparlaryň 6-sy gatnaşdy - diýip, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň resmi saýty habar berýär
Birinji şertde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň welaýatlarynda, paýtagtymyzda gazanylýan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler, häzirki wagtda alnyp barylýan işler dogrusynda gürrüň berdiler. 
Toparlar ikinji şert boýunça Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalarynyň miwelerini, raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşyny ýokary derejede ussatlyk bilen sahnalaşdyrmak boýunça bäsleşdiler. Sahna çykyşlarynda senagatyň dürli ugurlarynda ýetilýän belent sepgitler açylyp görkezildi. 
Bäsleşigiň üçünji şerti boýunça oňa gatnaşýan toparlar rowaçlyklara beslenýän ýylyň waspyny şu günüň mysalynda aýdymyň, dessanyň, goşgynyň, gazallaryň üsti bilen beýan etdiler. Onda Daşoguz welaýatyndan gelen toparyň bagtyýarlyk döwrümiziň waspyny edýän dessany ýerine ýetirmekleri, şeýle hem Balkan welaýatyndan gelen topar agzalarynyň körpeje çagalar bilen bilelikde ýerine ýetiren küştdepdisi bäsleşige tomaşa edýänlere egsilmez şatlyk eçildi. 
Bu ýerde Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gaznasynda saklanýan medeni gymmatlyklarymyzyň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Sergide geçen asyrlarda gündelik durmuşda giňden ulanylan hojalyk enjamlary, ene-mamalarymyza degişli gadymy keşdeler, başatgyçlar, milli halylarymyzyň gadymy we döwrebap nusgalary görkezildi.
Aşgabat dokma toplumy tarapyndan taýýarlanan dokma önümleriniň, nakgaşlarymyzyň surat eserleriniň sergisi dabaranyň täsirini has-da artdyrdy. 
«Ajap döwri peşgeş berdiň, Arkadag!» atly, raýatlaryň arasynda geçirilen bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň ahyrynda eminler toparynyň gelen netijesine görä, Balkan, Daşoguz, Lebap welaýatlaryndan gelen toparlar degişlilikde öňdäki orunlara mynasyp boldular. Ýeňijilere bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat hatlarydyr gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň