Soňky habarlar

Arhiw

Nikolaý Amiýansyň okuwçylary ussadyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlap konsert berdiler

21:2310.06.2019
0
6128

Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary we uçurymlary – Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Nikolaý Amiýansyň okuwçylary skripka sazlarynyň konserti bilen halypanyň 85 ýaş toýuny gutladylar. Nikolaý Artemýewiçiň dost-ýarlarydyr onuň zehinine sarpa goýýanlar türkmen skripka mekdebiniň halypasy bilen bu şatlykly wakanyň şatlygyny paýlaşmak we ýene bir gezek hemmesi birlikde “Ussada şöhrat!” diýmek üçin konserwatoriýanyň uly zalyna ýygnandylar - diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti habar berýär.

Saz agşamy Nikolaý Amiýansyň ýolbaşçylygyndaky skripkaçylar ansamblynyň ýerine ýetirmeginde kompozitor we ussat skripkaçy Grigoraş Dinikunyň “Hora stakkato” atly dürli öwüşginli eseri bilen açyldy. Skripka näzederleriniň ählisiniň birlikdäki hereketi bilen rumyn syganlarynyň durmuşynyň saza geçirilen pursatlary diňleýjileri özüne maýyl etdi... Ansamblyň skripkaçylary eseriň çeper şahyranalygyny, hyjuwlylygyny, joşgunlylgyny diňleýjilere ýetirdiler.

Tanymal türkmen skripkasy Ibragim Orazow Nikkolo Paganininiň meşhur eserleriniň biri “Kampanella” sazy bilen konserti dowam etdi. Diňleýjiler bir gulaga dönüp, jaňjagazyň owazynyň näzik öwüşginleriniň (eseriň ady terjime edliende şeýle many berýär), şirin saz tilsimleriniň bendisi boldular.

2-nji ýyl talyby Merdan Çaryýew Genrik Wenýawskiniň 1-nji Konsertiniň 1-nji bölümini ýüreklere ýakyn çeper beýan etdi.

Golaýda Rimde geçirilen VI Halkara saz bäsleşiginiň Baş baýragyny eýelän 4-nji ýyl talyby Aýbölek Muhyýewa halypa we myhmanlar üçin Pýotr Ilýiç Çaýkowskiniň Konsertiniň 2 we 3-nji böleklerini ýerine ýetirdi.

Şeýle hem konsertde Çaýkowskiniň, Aram Haçaturýanyň we Kara Karaýewiň eserleri ýaňlandy.

“Ussada şöhrat!” konserti Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky konserwatoriýanyň kirişli saz gurallary orkestriniň Moris Raweliň “Sygan gözeli” fantaziýasy bilen jemlendi. Solist konserwatoriýanyň 2015-nji ýyldaky uçurymy Bahram Dolyýew. Soňra orkestriň sazandalarynyň we solistleriň ählisi Nikolaý Artemýewiç üçin meşhur «Happy birthday to you» aýdymyny aýtdylar. Kärdeşleri, talyplar, diňleýjiler ýene-de halypany gutlap ugradylar...

Baýramçylyk agşamynyň konsertmeýsteri, Nikolaý Artemýewiç bilen 30 ýyldan gowrak işleşmek bagty miýesser eden Stella Faramazowa ýubilýary gutlanda, onuň diňe bir ussat sazandalaryň ençemesini ýetişdirmän, eýsem olar üçin sungata wepaly gulluk etmegiň nusgasyna öwrülendigini hem belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň