Arhiw

Milletler ligasynyň ilkinji çempiony – Portugaliýa

09:5510.06.2019
0
4246

UEFA Milletler ligasynyň finalynda Portugaliýa bilen Gollandiýanyň ýygyndylary duşuşyp, oýun ýer eýeleriniň 1-0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Portugallara ýeňiş getiren ýeke-täk goly 60-njy minutda Gonsalo Gedeş derwezä girizdi. Ilkinji gezek geçirilýän ýaryşyň ýeňijisi hökmünde Portugaliýanyň ýygyndysyna umumylykda 10,5 million ýewro, 2-nji ýeri eýelän gollandlara 9 million ýewro berildi.
3-nji ýer üçin Angliýa bilen Şweýsariýanyň arasyndaky oýunda esasy wagtda hasap açylmady. Oýundan soňky penalti urgularynda 6-5 üstünlik gazanan iňlisler ýaryşyň bürünç medalyna mynasyp boldy.
Portugaliýaly Bernardo Silwa Milletler ligasynyň final tapgyrynyň iň ökde oýunçysy diýlip saýlandy. 3 gol geçiren Kristiano Ronaldo bolsa, final tapgyrynyň iň netijeli oýunçysy boldy. Gollandiýaly Frenki De Ýong bolsa, ýaryşyň iň ökde ýaş futbolçysy diýlip saýlandy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň