Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda sinteponyň önümçiligi köpeler

15:2109.06.2019
0
9783

Sintepon öndürilişi boýunça täze seh dokma senagatyň iň ilkinji kärhanasynda – Aşgabadyň dokma toplumynda açylar - diýip, "Biznes Türkmenistan" saýty "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazetine salgylanyp habar berýär.

Önümi işläp taýýarlamakda zerur tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylyşyny ýurdumyzda dokmaçylyk desgalarynyň gurluşygy we täzeden dikeldilmesi ugrunda uly tejribesi bolan, uzakwagtlaýyn hyzmatdaş – “Norsel International Inşaat Diş Tiсaret Sanayi” türk kompaniýasy alyp barar.

Bilşimiz ýaly, sintepon daşky eşikler üçin ýyladyjy material hökmünde, ýorganyň tikilişinde we gündelik durmuşymyzda gerek bolan beýleki dokma önümlerinde ulanylýar. Sintepon poliefir süýümlerinden alynýar, şeýle-de onuň düzüminde ýüň we pagta sapaklarynyň ownuk bölejikleri bardyr.

Sintetiki materialynyň öndürilişi üçin iň netijeli termal usuly ulanylar. Şeýle önüm örän ýeňil we ondan peýdalanmak örän amatlydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň