Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Adalat ministrligi 22-nji iýunda jemgyýetçilik kabul edilişigini gurnar

14:5509.06.2019
0
7361

Türkmenistanyň Adalat ministrligi türkmen metbugatynda şu ýylyň 22-nji iýunynda jemgyýetçilik kabul edilişiginiň gurnaljakdygy baradaky bildirişi berdi.

Oňa Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleri we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzasy gatnaşar. Kabul edilişigiň çäginde raýatlaryň hukuk meseleleri boýunça ýüztutmalarynyň diňlenjekdigi aýdylýar.

 Kabul edişlik Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 150-nji jaýynda-Adalat ministrliginiň binasynda sagat 9:00-dan 12:00-a çenli geçirilýär. Habarlaşmak üçin telefonlary: 39-19-20, 39-19-21.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň