Türkmenistanyň Mejlisi täze kanunlary kabul etdi

20:4508.06.2019
0
24762

Şu gün Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň altynjy maslahaty geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenilip taýýarlanylan birnäçe täze Kanunlar we kadalaşdyryjy-hukuk namalary kabul edildi. Maslahata gatnaşmaga käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy - diýip, TDH habar berýär.

«Haryt nyşanlary hakynda» we «Harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary hakynda» Kanunlaryň taslamalary parlamentarileriň garamagyna hödürlenildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, häzir milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, sebitleri depginli senagatlaşdyrmak, oba hojalygyny galkyndyrmak, kiçi we orta işewürligi ösdürmek boýunça milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan giň gerimli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Şonuň netijesinde Türkmenistanda çykarylýan önümleriň möçberleri artýar hem-de gerimi giňeýär. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegi täze senagat we gaýtadan işleýän kärhanalaryň, şol sanda telekeçileriň giňden gatnaşmagynda şeýle kärhanalaryň gurulmagy daşary ýurtlardaky şonuň ýaly harytlara üstünlik bilen bäsdeşlik edip bilýän ýokary hilli harytlar bilen içerki bazary üpjün etmäge, şeýle hem olaryň dünýä bazarlaryna iberilişini artdyrmaga mümkinçilik berdi.

Umuman, bularyň ählisi täze kanunçylyk namalarynyň wajypdygyny şertlendirýär. Bu resminamalar hukuk taýdan goramak hem-de haryt nyşanlaryny we harytlaryň gelip çykyşynyň ýerleriniň atlandyrylyşyny peýdalanmak babatdaky gatnaşyklary düzgünleşdirýär. Munuň özi işewürligi we marketingi guramagyň häzirki zaman usullaryny peýdalanýan ýurdumyzyň kärhanalarynyň daşary söwda işlerini işjeňleşdirmek babatda hem uly ähmiýete eýedir.

Soňra deputatlaryň garamagyna «Psihologik hyzmatlar hakynda» Kanunyň taslamasy hödürlenip, ol biragyzdan kabul edildi.

Mejlisde adam hukuklary boýunça Türkmenistandaky Ygtyýarly wekiliň — Adalatçynyň maglumaty diňlenildi, onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň raýatlaryň ykdysady, durmuş, medeni, syýasy hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek boýunça alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlary beýan edildi, şeýle hem bu ulgamda geçirilýän işleriň netijelerine seljerme berildi.

Deputatlar şeýle hem «Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda», «Notariat we notarial işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça we üýtgetme girizmek hakynda», «Türkmenistanyň adalat edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Howa kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda», «Awtomobil ýollary we ýol işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda», «Kärhanalar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda», «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda», «Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Galyndylar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda», «Weterinariýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda, «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda» Kanunlarynyň taslamalaryna garadylar.

Mundan başga-da, mejlisde «Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnamany tassyklamak hakynda», «Halkara Zähmet Guramasynyň 1976-njy ýylyň «Halkara zähmet kadalaryny ulanmaga ýardam bermek boýunça üçtaraplaýyn geňeşmeler hakyndaky» 144-nji Konwensiýasyna goşulmak hakynda», «2015-nji ýylyň 13-nji aprelinde Seul şäherinde gol çekilen Girdejiler üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hem-de fiskal boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Konwensiýa üýtgetmeler girizmek hakyndaky Teswirnamany tassyklamak hakynda», «Hususy pudagy ösdürmek boýunça Yslam korporasiýasy baradaky Ylalaşygyň maddalaryny tassyklamak hakynda», «Maýa goýumlary we eksport karzlary ätiýaçlandyrmak boýunça Yslam korporasiýasy baradaky Ylalaşygyň maddalaryny tassyklamak hakynda», «Türkmenistanyň Mejlisiniň aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça saýlanylan deputatlarynyň ygtyýarlyklaryny ykrar etmek hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň taslamalaryna garaldy.

Mundan başga-da, birnäçe beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanunçylyk namalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.

Maslahatyň ahyrynda milli parlamentiň deputatlary garalan hukuk resminamalarynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetirmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Watanymyzy durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýoly bilen okgunly ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleriniň mundan beýläk-de üstünlikli çözülmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň