334 myhmanhana açyldy

14:4608.06.2019
0
1341

Syýahatçylyk iň girdejili pudaklaryň biri hasaplanýar. Şol sebäpli bu pudaga has köp maýa goýulýar. Täze syýahatçylyk möwsüminiň başlamagyna gabatlanyp, dünýäniň dürli ýurtlarynda täze myhmanhanalar peýda boldy. Germaniýanyň «TopHotelProjeckt» şereketiniň maglumatlaryna görä, şu aýyň başynda dünýä ýurtlarynda jemi 224 myhmanhana ulanmaga berildi. Otellerde jemi 66 524 otagyň bardygy mälim edildi. Olaryň 135-si Aziýa—Ýuwaş ummany sebitinde açylypdyr.  Demirgazyk Amerikada 93 Ýewropada 60, Ýakyn Gündogarda 14, Latyn Amerikada 10 we Afrikada 10 myhmanhana özüniň ilkinji müşderilerini kabul edipdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň